Bildiriş


Hormatly raýatlar!

“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky bellenilen tertipde bölünip berlen mellek ýerleri, kömekçi hojalygy we ýaýlagyndaky ýer bölegi bar bolan şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek maksady bilen oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan çig mallary öndürmek maksatly mikro karzlaryň berilýändigini habar berýär.

Karzlar 30 müň manada çenli möçberde, 3 ýyla çenli, ýyllyk 10 göterim derejeli hem-de esasy bergini üzmek üçin 6 aýa çenli ýeňillik döwürli berilýar.

Karzyň üpjünçiligine üçünji taraplarynyň zamunçylygy ýa-da girew emlägi kabul edilýär.

Karz nagt däl görnüşinde hasaplaşyklary amala aşyrmak üçin bank kartlaryna ýa-da karz hasabyndan tölegleri gönümel geçirmek arkaly berilýar.

Karz boýunça giňişleýin maglumat almak üçin hem-de karzy resmileşdirmek üçin Bankyň baş edarasyna we welaýat şahamçalaryna ýüz tutup bilersiňiz.





Hormatly raýatlar!

“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň çäginde ýokary okuw jaýlarynda we orta hünär mekdeplerinde okaýan talyplaryň okuw töleglerini tölemek üçin, talybyň ýakyn garyndaşlaryna “talyp karzynyň” berilýändigi barada habar berýär.

Karz talybyň ýyllyk okuw töleginiň möçberinde, 5 ýyla çenli möhletli dikeldilýän karz ugruny açmak, her ýylyň tölegini on iki aýa deň paýlanan möçberde gaýtarmak şerti bilen, ýyllyk 5 göterimli berilýär.

Karzyň üpjünçiligi hökmünde üçünji tarapyň zamunçylygy kabul edilýär.

Karz boýunça giňişleýin maglumat almak üçin hem-de karzy resmileşdirmek üçin Bankyň baş edarasyna we welaýat şahamçalaryna ýüz tutup bilersiňiz.





Hormatly raýatlar!

“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky ýurdumyzyň ýaş maşgalalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen maşgala karzynyň berilýändigi barada habar berýär.

Karz 6000 manat möçberinde, 3 ýyl möhlet bilen, ýyllyk 1 göterimli, nagt we nagt däl görnüşinde berilýär.

Karzyň üpjünçiligi hökmünde üçünji tarapyň zamunçylygy kabul edilýär.

Karz boýunça giňişleýin maglumat almak üçin hem-de karzy resmileşdirmek üçin Bankyň baş edarasyna we welaýat şahamçalaryna ýüz tutup bilersiňiz.



Hormatly müşderiler!

27 Fewral, 2021 ý.
“Rysgal” paýdarlar-täjirçilik banky, Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 26-njy fewralyndaky PB-1401 belgili buýrugyny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyz boýunça eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara-karhanalarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara şu ýylyň 1-6-njy mart aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 60 (altmyş) manat möçberde Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak boýunça öňünden degişli çäreleri geçirmegiňizi Sizden haýyş edýär. Bankymyz tarapyndan bu babatda ähli zerur şertler dörediler.



Hormatly müşderiler!

23 Dekabr, 2020 ý.

“Rysgal” Paýdarlar täjirçilik banky, 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 4-inden başlap müşderilerine daşary ýurt pulundaky töleglerini “Internet banking” üsti bilen geçirmäge mümkinçilik döredilendigi barada Size habar berýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgimiz:
96-46-24, 96-46-71, 96-46-74




Telekeçileriň pul serişdelerini nagtlaşdyrmagynyň tertibine üýtgetme girizildi

24 Iýul, 2020 ý.

Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan “Hususy telekeçileriň ygtyýarly karz edaralaryndaky bank hasaplaryna gelýän nagt däl pullary nagt görnüşde çykdajy etmegiň ýa-da fiziki şahslaryň hasabyna geçirmegiň” tertibiniň 14 bölümine üýtgeşmeler girizildi. Girizilen üýtgeşmeler diňe milli manatdaky amallar bilen baglanyşyklydyr.

Üýtgeşmelelere laýyklykda:

  • Hususy telekeçiniň, bir aýda hasaplaşyk hasabyna, nagt pul görnüşinde tabşyran möçberinden, telekeçilik maksatnamalary üçin 75 göterime çenli nagt pul görnüşinde yzyna almaga rugsat berilýär.

  • Hususy telekeçiniň, bir aýda hasaplaşyk hasabyna, fiziki şahslar bilen POS töleg terminallaryny ulanmak arkaly geçirilen töleglerden gelen nagt däl möçberiniň 50 göterime çenli, bankdaky telekeçilik hasabyndan nagt pul görnüşinde almaga rugsat berilýär.
  • Telekeçileriň öz arasynda nagt däl görnüşinde hasaplaşyk geçirmek maksady bilen baglaşylýan şertnamalary esasynda, satyn alýan hususy telekeçi, töleg geçirmek üçin özüne degişli bankyna nagt görnüşinde goýup, satyjy bolan hususy telekeçä nagt däl görnüşinde geçiren ýagdaýynda, satyjy bolan telekeçi hyzmat edýän bankyndaky telekeçilik hasabyna gelen şol möçberden 70 göterimine çenli nagt görnüşinde çykdajy etmäge rugsat berilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgimiz: 96-46-96