Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 7-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän söwda we dokma toplumlarynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, telekeçilik ulgamynyň 2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,5 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini bolsa 104,1 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary boýunça nah ýüplügiň önümçiligi 126,2 göterime, nah matalaryňky 117 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň önümçiligi 108,5 göterime, gön önümleriniňki 121,2 göterime barabar boldy. Şu ýylyň başyndan bäri “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 100,9 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar — maý aýlarynda birža söwdalarynyň 125-si geçirilip, 11 müň 833 sany şertnama hasaba alyndy. Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 105,8 göterime deň boldy. 11 sany sergi, 54 sany maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň bäş aýynda oba hojalyk hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ösüşi 112 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüşi 109,1 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagyň wajypdygyny aýdyp, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine daşary ýurt biržalarynda giňden ulanylýan tejribäni ornaşdyrmagyň, onuň işini kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Dokma önümleriniň hilini gowulandyrmak we möçberini artdyrmak boýunça çäreleri görmek, daşarky bazarda dokma önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ykdysadyýetiň hususy pudagyna döwlet goldawyny bermek babatda işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.