Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 1-nji oktýabrda geçirilen nobatdaky mejlisiniň barşynda ykdysadyýet, bank we halkara maliýe guramalary boýunça wise-premýer Serdar Berdimuhamedow birnäçe taslamalary maliýeleşdirmäge maýadarlary çekmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
S.Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Halkara Yslam korporasiýasyndan karz serişdelerini çekmek (ITFC) we çarçuwaly ylalaşyk baglaşmak teklibini hödürledi.
Teklibi diňläp, Türkmenistanyň Prezidenti Yslam bankynyň Demirgazyk ― Günorta geçelgesiniň gurluşygynda esasy maýa goýujylaryň biridigini, şeýle hem bu gurama tarapyndan telemehanika we aragatnaşyk ulgamyny döretmek, Aşgabat ― Garagum ― Daşoguz demir ýoluny elektroenergiýa bilen üpjün etmek işlerini maliýeleşdirendigini belledi.
Döwlet Baştutany wise-premýeriň teklibini goldap:«bu ädim maýa goýum syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň nusgasy bolup, geljekki ykdysady ösüşlere ýardam berer» diýip belledi.
Ozal, 27-nji awgustda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanyň Yslam ösüş bankynyň söwdany maliýeleşdirmek boýunça Yslam korporasiýasyna agza bolmagy barada tabşyryk berildi.
Görkezmä laýyklykda, Türkmenistanyň adyndan Daşary ykdysady iş banky Yslam ösüş bankynyň ITFC düzümine agza bolmak we bellenilen tertipde hasaba alynmak ugrunda zerur işleri geçirýär.
Halkara Yslam söwda-maliýe korporasiýasy Yslam ösüş bankynyň esasy düzümleriniň biridir. Onuň maksady ykdysady şertleri gowulandyrmak, yslam döwletleriniň ilatynyň girdejisini ýokarlandyrmak, Yslam hyzmatdaşlygy guramasyna agza döwletleriň arasynda söwda gatnaşyklaryny sazlamak üçin söwdany ilerletmekden we ösdürmekden ybaratdyr.