Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 12-nji dekabrda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

"Siziň bu ýokary wekilçilikli foruma gatnaşmagyňyz Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna goldawyňyzyň hem-de parahatçylyk ýörelgelerine berýän möhüm ünsüňiziň güwäsidir" diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkiýede Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna we ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Türkiýe bilen ýola goýlan strategik gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynda hemişe ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Biziň ýurtlarymyzy köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bu bolsa häzirki döwürde ýokary derejede alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagy üçin berk esas bolup hyzmat edýär.

Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýan iň möhüm hyzmatdaş ýurtlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, maýa goýumlar boýunça netijeli ikitaraplaýyn hem-de sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary barada hem pikir alşyldy.


Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti