Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Aşgabat forumynda eden çykyşynda Türk­me­nis­tanyň hä­zir­ki wagt­da­ky dün­ýä me­se­le­le­ri­ne dur­mu­şa ukyp­ly, ha­ky­ky ýag­da­ýa gö­rä çe­me­le­şil­me­gi üçin ýe­ke-täk se­riş­de hök­mün­de dia­log esa­syn­da pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak baş­lan­gy­jy­ny öňe sür­mek bi­len, sy­ýa­sa­tyň we dip­lo­ma­ti­ýa­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik pi­ki­ri­niň, ta­ry­hy tej­ri­bä­niň, top­la­nan yn­san­per­wer, me­de­ni mi­ra­syň äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri­ni has iş­jeň we ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gyň ze­rur­dy­gyn­dan ugur al­ýandygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy gur­lu­şy­na, çäk öl­çe­gi­ne, ilat sa­ny­na, beý­le­ki ýag­daý­la­ra ga­ra­maz­dan, äh­li döw­let­le­riň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni oňyn de­re­je­de ut­gaş­dyr­mak­la­rynyň sy­ýa­sy pä­him-paý­ha­sy, erk-is­le­gi hem-de öz ga­ra­ýyş­la­ry­na yg­rar­ly­ly­gy ta­lap ed­ýändigini, hä­zir­ki wagt­da hemmeleriň dün­ýä­niň gel­je­gi üçin jo­gap­kär­digini belledi.

Gahryman Arkadag köp­ta­rap­la­ýyn ka­nu­ny­ly­ga hem-de yg­ty­ýar­ly­ly­ga eýe bo­lan ýe­ke-täk hal­ka­ra gu­ra­ma hök­mün­de BMG-niň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni peý­da­lan­magyň ze­rur­dygyny belledi. Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak esa­syn­da hyz­mat­daş­lyk BMG-niň Ter­tip­na­ma­syn­da ber­ki­di­len, yk­rar edi­len sy­ýa­sy-hu­kuk esas­la­rynyň, anyk we aý­dyň ýö­rel­ge­le­riň bol­ma­gyn­dan, deň­hu­kuk­ly­lyk, öza­ra hor­mat goý­mak, özyg­ty­ýar­ly­lyk, beý­le­ki döw­let­le­riň içer­ki iş­le­ri­ne go­şu­lyş­maz­lyk tag­lym­la­ryn­dan ugur al­ýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýörelgelere eýermegiň pa­ra­hat­çy­ly­gy go­rap sak­la­ma­gy, he­re­ket­le­riň anyk­ly­gy­ny üp­jün etjekdigini, bi­rek-bi­rek bi­len söh­bet­deş­lik me­de­ni­ýe­ti­niň sü­tü­ni­ni tä­ze­den gur­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rjekdigini aýtdy.

Mundan başga-da, Gahryman Arkadag halk diplomatiýasynyň resmi diplomatiýa üçin möhüm goldawa öwrülmelidigini aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hä­zir­ki wagt­da pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak tag­ly­ma­ty­ny iler­let­megiň, ada­ty dip­lo­ma­ti­ýa­dan baş­ga-da, gep­le­şik­le­ri ge­çir­me­giň par­la­ment ýol­la­ry­nyň peý­da­la­nyl­ma­gy­ny, ze­nan­lar, ýaş­lar dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň ne­ti­je­li ula­nyl­ma­gy­ny ta­lap ed­ýändigini nygtady.

"Bi­ziň ýur­du­myz mu­nuň üçin köp ta­gal­la ed­ýär. Di­ňe soň­ky ýyl­la­ryň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan öz çä­gin­de bu ugur­da iri çä­re­le­ri, şol san­da we­kil­çi­lik­li hal­ka­ra hem-de se­bit de­re­je­li fo­rum­la­ry ge­çir­di. Şun­da sy­ýa­sy çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi­ne tä­sir et­me­giň goş­ma­ça gu­ral­la­ry­na eýe bo­lan halk dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň res­mi dip­lo­ma­ti­ýa üçin mö­hüm gol­daw bo­lup bil­jek­di­gin­den hem-de şeý­le bol­ma­ly­dy­gyn­dan ugur al­ýa­rys" diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Şeýle-de Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdelerini diňe döredijilikli maksatlar üçin ulanmaga çagyrdy.

"Hor­mat goý­ma­ga esas­lan­ýan oňyn döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň al­nyp ba­ryl­ma­gyn­da mag­lu­mat dia­lo­gy­na wa­jyp orun de­giş­li­dir. Bu ug­ra bi­z pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak tag­ly­ma­ty­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň bir­nä­çe ýyl mun­dan ozal öňe sü­ren «Dia­log — pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li» äh­lu­mu­my baş­lan­gy­jy­nyň mö­hüm dü­züm bö­le­gi hök­mün­de ga­ra­ýa­rys. Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri di­ňe dö­re­di­ji­lik­li mak­sat­lar üçin peý­da­la­nyl­ma­ly­dyr" diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri mu­nuň üçin ki­ber­je­na­ýat­çy­ly­gyň hem-de met­bu­gat gi­ňiş­li­gin­de göz-gör­te­le ýa­lan mag­lu­mat­la­ryň ýaý­ra­dyl­ma­gy­nyň öňün­de berk bö­wet go­ýul­ma­lydygyny nygtady.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti