Tamamlanyp barýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk taryhy senesini ajaýyp dabaralara, şanly wakalara beslän halkymyz ýetip gelýän Täze ýyl baýramyna uly şatlyk-şowhun, ýagşydan-ýagşy arzuw-umytlar bilen taýýarlyk görýär. Buýsançly garşylanýan Täze ýyl baýramynda bereketli saçaklary giňden ýazmak, gelen myhmana hödür-kerem etmek döwletli ilimiziň mukaddes däp-dessurlarynyň, ata-baba gelýän asylly ýörelgeleriniň biridir.
Geljek ýyl Gündogar müçenamasy boýunça ýylky ýyly. At ýylynyň adyna mynasyp derejede bedew batly ösüşlere eýe boljakdygyna ynam uly.
Şeýle mizemez hakykat ählihalk baýramyna ýokary derejede taýýarlykly barýan günbatar sebitiň agzybir ilatynda-da guwanç, buýsanç duýgularyny döredýär. Munuň şeýledigine Balkan welaýatynyň etraplarydyr şäherlerindäki söwda nokatlarynda, ak bazarlarynda, göçme ýarmarkalarynda giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan dürli görnüşli azyk önümleriniň, sowgatlyk harytlaryň bolçulygam güwä geçýär. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Balkan welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň müdiriýeti tarapyndan ilata döwrebap derejede guralýan baýramçylyk söwda hyzmatlary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Ýeri gelende aýtsak, ak bazarlaryň, söwda nokatlarynyň, ýarmarkalaryň dürli önümlerdir harytlara baýlygy berkarar döwletimizdäki bolçulygyň, rysgal-berekediň, bagtyýarlygyň ajaýyp nyşanydyr.