22-nji dekabrda Aşgabatda «Inklýuziw geljek: Türkmenistanyň milli derejede kesgitlenen goşantlarynyň (MDKG 3.0) taýýarlanylmagyna jemgyýetçiligiň we zenanlaryň gatnaşmagynyň meýilnamasyny işläp düzmek» atly klimat dialogy geçirildi. Çäre «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde guraldy.

Maslahatyň dowamynda klimat boýunça seljerijiler, BMGÖM-niň taslama hünärmenleri, bilermenler we Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) ýaş ilçileri howanyň üýtgemeginiň durmuş we gender meselelerine edýän täsirini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň netijesi boýunça zenanlary we ýaşlary MDKG 3.0-y durmuşa geçirmek hem-de monitoring işlerine ulgamlaýyn çekmek baradaky «ýol kartasynyň» esaslary taýýarlanyldy.

«Bu dialog howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatda inklyuziw gurallary döretmekde BMGÖM bilen hyzmatdaşlygymyzy has-da berkitmäge mümkinçilik berdi. Biz zenanlaryň baý tejribesiniň we ýaşlaryň täzeçil garaýyşlarynyň milli meýilnamalaryň aýrylmaz bölegine öwrülmegine çalyşýarys. MDKG 3.0 durnukly geljege ýetmek üçin tutuş jemgyýetiň bähbitlerini özünde jemlemelidir» diýip, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň direktory Leýli Şyhmädowa garaýyşlaryny paýlaşdy.


Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti