Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gor bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan edip, ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy hem-de hormatly Prezidentimiz bilen bolan duşuşygynyň özara gatnaşyklary has-da ilerletmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň ABŞ bilen dürli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň möhüm strategik hyzmatdaşlarynyň biridir.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, ynanyşmak, düşünişmek ýörelgelerine esaslanyp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýar.


Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti