Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow 24-nji ýanwarda Lebap welaýatynda Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

“Aga gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan täze toplum nyzam meýdançasyndan, esgerler naharhanasyndan, medeniýet öýünden, ýatakhanalardan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, meýdan okuw-türgenleşik suw howdanyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, dikuçar meýdançasyndan, gulluk, hojalyk we durmuş maksatly binalardan ybaratdyr. Bu binalarda harby gullukçylar üçin ähli şertler döredilipdir.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, ilki bilen, toplumyň dolandyryş binasyna bardy we bu ýerde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Harby gullukçylar hormatly Prezidentimize dolandyryş binasynda ornaşdyrylan ýörite enjamlardyr serişdeler, döwrebap howpsuzlandyryş toplumlary, olaryň aýratynlyklary barada maglumat berdiler.

Harby gullukçylar döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de Watan goragçylarynyň harby kasama wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylara jogapkärli gullugynda üstünlikleri arzuw etdi. Soňra döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz binalar toplumyndaky esgerler ýatakhanasynda, naharhanasynda döredilen şertler bilen tanyşdy. Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine täze gelip gowşan döwrebap harby tehnikalar we uçarmansyz uçýan enjamlar bilen tanyşdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumyny açyp berendigi üçin döwlet Baştutanymyza ähli harby gullukçylaryň adyndan hoşallyk bildirdi.


Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti