Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynda 28-nji ýanwarda 2026-njy ýylyň Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegine hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli çapdan çykan kitabyna bagyşlanan tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabynyň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň taryhy esaslaryny, onuň halkara hukugyndaky ornuny we häzirki zaman dünýä syýasatyndaky ähmiýetini giňişleýin beýan edýändigini bellediler.

Hytaýly hyzmatdaşlar öz çykyşlarynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň netijeliligi we ösüş depgini, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurduň gazanýan üstünlikleri, halkara giňişlikdäki bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan abraýy barada belläp geçdiler.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Oba hojalygy ylymlary akademiýasy we Içki Mongoliýa uniwersitetiniň biohimiýa we molekulýar biologiýa boýunça hünärmeni Weý Huakaýa Halkara alabaý itleri assosiasiýasyna agzalyga kabul edilmegi baradaky degişli şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi