Aşgabat şäherinde 29-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuziniň gatnaşmagynda türkmen-rus syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi.

Geňeşmeleriň dowamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem köptaraplaýyn görnüşde hem netijeli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki netijeli özara gatnaşyklara üns çekildi. Şeýle hem «Merkezi Aziýa-Russiýa» formatyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.

Diplomatlar 2025-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda baglaşylan Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna laýyklykda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda dialogy has-da güýçlendirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Taraplar sebit howpsuzlygy we durnuklulygy meselelerine hem garadylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi