Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynda 4-nji fewralda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» şygary, şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy - parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy mynasybetli çäre geçirildi.

Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Ataýew çäräni açyp, öz çykyşynda 2026-njy ýylyň şygarynyň Garaşsyzlygyň şanly ýubileýi bilen baglanyşykly dabaralandyrylmagynyň Türkmenistanyň taryhy däpleri bilen häzirki zaman ösüşiniň sazlaşygyny aýdyň görkezýändigini, ahalteke bedewleriniň keşbiniň bolsa ýurduň täze üstünliklere, ösüşe we abadançylyga tarap ynamly öňe hereketiniň aýdyň nyşany bolup durýandygyny belledi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy - parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Ataýew öz çykyşynda bu kitabyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esaslaryny, hemişelik bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmegini we häzirki döwrüň ählumumy kynçylykly şertlerinde üstünlikli durmuşa geçirilmegini çuňňur syýasy-pelsepewi nukdaýnazardan açyp görkezýän gymmatly eserdigini nygtady.

Çäräniň dowamynda ilçihananyň diplomaty hem çykyş edip, kitapda beýan edilen esasy düşünjeleri, onuň Türkmenistanyň häzirki ösüş ýolunyň ähmiýetini, şeýle-de ýaşlaryň hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňde goýlan strategik wezipeleri durmuşa geçirmekdäki ornuny giňden beýan etdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi