Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi.

Myhman Türkmenistanyň ykdysadyýetde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berip, her gezek ýurdumyza sapar bilen gelende hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli syýasatyň dürli ugurlardaky oňyn netijeleriniň şaýady bolýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini, ýurdumyzyň dürli ugurlarda täze tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga hem-de ykdysadyýetimizi yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berýändigini belledi. Köp ýyllaryň dowamynda Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlary eýeläp gelýär. Özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Ikitaraplaýyn esasda geçirilýän sergiler netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde wajyp gural bolup hyzmat edýär. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 2 — 5-nji iýuly aralygynda Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi üstünlikli geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda geçirilýän Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň netijeleriniň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça türk tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge we netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti