Şu günler Watanymyzda raýatlaryň işjeň gatnaşmaklarynda 29-njy martda geçiriljek saýlawlar boýunça saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek işleri dowam edýär.

Mälim bolşy ýaly, öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäre Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlaryny öz içine alýar.

Geçirilýän ýygnaklarda zähmeti bilen Watana wepalylygyny subut eden, ilat arasynda uly hormata eýe bolan mynasyp raýatlar dalaşgärlige hödürlenilýär. Çykyş edýänler dalaşgärleriň hünär ussatlygyny, guramaçylyk başarnyklaryny, ýokary ruhy-ahlak häsiýetlerini belläp, olaryň ukyp-başarnyklaryny, bilimini giň gerimli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirmäge taýýardyklaryny nygtaýarlar.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti