Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag-kommunikasiýa toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Hökümetiň giňişleýin mejlisinde degişli düzümlerde 2025-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113,2 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 100,7 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 159,8 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz ulag we aragatnaşyk toplumynyň möhüm toplumlaryň biri bolup durýandygyny, şoňa görä-de, ýolagçy, ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, üstaşyr we halkara ýük gatnawlaryny has-da giňeltmek üçin degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi.
“Sanly ykdysadyýeti ösdürmäge degişli işleri dowam etdirmek, sanly ykdysadyýet, emeli aň tehnologiýalary boýunça IT meýdançalary döretmek, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak babatda zerur işleri geçirmek we teklipleri taýýarlamak möhümdir” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.