Türkmenistanyň Parlamentiniň mejlisinde maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow ýurdumyzyň dolandyryş-çäk birliklerine üýtgetmeleriň girizilmegi bilen 28 million manat býujet serişdeleriniň tygşytlanjakdygyny habar berdi. Bu barada «Watan» habarlary gepleşiginde aýdyldy.

Ministriň bellemegine görä, dolandyryş-çäk birlikleriniň kämilleşdirilmegi bilen baglylykda ulanyşdan boşadylan, ykdysadyýet üçin goşmaça mümkinçilikleri açýan ýerli dolandyryş, bilim, medeniýet we maliýe-ykdysady edaralarynyň edara-binalaryny, desgalaryny netijeli peýdalanmak döwlet býujetiniň girdejilerini ýokarlandyrar. 

Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde sebitlerde şu etraplary ýatyrmak göz öňünde tutulýar: 

- Gubadag etraby;

- Gurbansoltan eje adyndaky etrap;

- Farap etraby;

- Döwletli etraby;

- Serhetabat etraby;

- Oguzhan etraby.

Şeýle hem 36 sany geňeşligi(oba geňeşligi),  5 sany etrap hukukly şäheri  – Tejen, Gumdag, Hazar, Serdar we Köneürgenç şäherini, 1 sany şäherdäki etraby(Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrabyny), 2 şäherçäni - Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesini we Hazar şäheriniň Garagöl şäherçesini ýatyrmak teklip edilýär.