Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebitleýin direktory Piter Wan Rooýuň arasynda 12-nji martda duşuşyk geçirildi.

Taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Halkara Zähmet Guramasy bilen gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn häsiýete eýedigini hem-de bilelikdäki "Ýol kartalarynyň" we taslamalarynyň üsti bilen amala aşyrylýandygyny nygtadylar.

Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlyk boýunça "Ýol kartasynyň" durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasynyň işine gatnaşmagynyň çäklerinde ýurduň guramanyň konwensiýalary boýunça yzygiderli hasabatlary hödürleýändigi hem-de şu ýylyň iýun aýynda Ženewada geçiriljek Halkara Zähmet konferensiýasynyň nobatdaky mejlisine gatnaşýandygy bellenildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi