Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ýakynda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistan bilen Halkara Deňiz Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy boýunça öňe sürýän başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, Halkara Deňiz Guramasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen taýýarlanylan teklipleri beýan etdi.

Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşulmak işini yzygiderli ilerletmek maksady bilen, Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş toparyny döretmek teklip edilýär. Ýurdumyzyň gämi ulagy we gatnawlary ulgamynda hyzmatdaşlygynyň halkara hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmak üçin Türkmenistanyň bu guramanyň Halkara gämi gatnawlaryny ýeňilleşdirmek hakynda Konwensiýasyna goşulmagy boýunça işleri geçirmek bu toparyň ilkinji wezipeleriniň biri bolar.

Şeýle-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin 2026-njy ýylyň dowamynda HDG-niň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza saparlaryny guramak, onuň wekilleriniň gatnaşmagynda dürli okuw hem-de amaly maslahatlary geçirmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Halkara Deňiz Guramasynyň degişli halkara konwensiýalarynyň talaplaryny ýokary derejede üpjün etmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine tabşyryklary berdi.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti