Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli giň gerimli sergi öz işine başlady. Sergi ýurdyň hususy pudagyň depginli ösüşini aýdyň beýan edýär.
Dabarada döwlet Baştutanymyzyň sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Hormatly Prezidentimiz Gutlagynda ýurdumyzyň hususy pudagyny ösdürmegiň milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň Garaşsyzlykdan gözbaş alyp gaýdýan ýolunyň uly ösüşlere beslenýändigini nygtaýar.
Soňra myhmanlar hususy pudagyň ýeten sepgitlerini şöhlelendirýän köpugurly sergi bilen tanyşdylar.
Sergide daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikler we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda gazanylýan üstünlikleri görkezýän diwarlyklar esasy orny eýeleýär.
Gurluşyk senagatyna degişli bölümlerde “Derýaplastik”, “Ak bulut” ýaly kärhanalar şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekde işjeň ulanylýan innowasion işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrýarlar. Söwda we durmuş hyzmatlaryna bagyşlanan bölümlerde halkara standartlar boýunça işleýän supermarketler öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýarlar.
Sergi 19-njy martda öz işini tamamlar. Gözden geçirilişiň ahyrynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar gowşurylar.