Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 20-nji martda watandaşlarymyzy mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

“Asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip we nesilden-nesle geçirilip gelinýän Oraza baýramy ynsanperwerligi, hoşniýetliligi dabaralandyrýar. Bu baýramyň ägirt uly ähmiýeti biziň günlerimizde has aýdyň duýulýar. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylýar. Halkymyzy döredijilikli işlere, täze üstünliklere ruhlandyrmakda, aýratyn-da, ýaşlarymyzda geçmişimize beýik buýsanjy, asylly häsiýetleri terbiýelemekde Oraza baýramy mynasyp orny eýeleýär” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär.

Hormatly Prezidentimiz watandaşlaryna berk jan saglyk, asuda we abadan durmuş, bagtyýarlyk, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti