Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ruhy kämilligiň, ahlak tämizliginiň we haýyr-sahawatyň baýramy bolan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady.
“Siziň parasatly baştutanlygyňyzda umumadamzat gymmatlyklaryna uly sarpa goýulýan döwürde halkymyzyň gadymdan gelýän medeni mirasy, milli däp-dessurlary, asylly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Munuň şeýledigi mukaddes Remezan aýynyň ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşylanylmagynyň mysalynda hem aýdyň görünýär. Ildeşlerimiz ynsanperwerlige, ýagşylyga ýugrulan mübärek aýyň dowamynda agyz beklemek bilen, oňa mahsus bolan dessurlary berjaý edýärler. Bereketli toý saçaklary giňden ýazylyp, naz-nygmatlar taýýarlanylýar, eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň, şan-şöhratynyň has-da belende göterilmegi, ýurt abadançylygy üçin doga-dilegler edilýär. Munuň özi türkmen halkynyň beýik geçmişine hormat goýmak, belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryna yzygiderli eýermek bilen, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly umumadamzat ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly bolup galýandygyny, halkymyzyň milli jebisliginiň has-da pugtalanýandygyny alamatlandyrýar” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
“Sizi ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, ruhy päkligi dabaralandyrýan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, döwletimizi ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barmakda durmuşa geçirýän işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin. Goý, Oraza aýynda röwşen geljegiň hatyrasyna ediljek ýagşy arzuw-niýetler, doga-dilegler Gudraty Güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun” diýip, Gahryman Arkadagymyz gutlag hatynda belledi.