Moskwa şäherinde ýerleşýän Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň (RYA) Prezidiumynyň binasynda 2026-njy ýylyň 25-nji martynda «Margiana medeniýetleriň çatrygynda: Merkezi Aziýanyň çäklerinde, Kawkazda we Ýakyn Gündogarda medeniýetleriň gatnaşyklary – gadymyýet we häzirki zaman» atly halkara ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Forum Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýär.

Ylmy maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hem-de «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň wekillerinden ybarat bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýanyň paýtagtyna bardy.

Ylmy duşuşygyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň baý taryhy-medeni mirasyny, türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny we köptaraplylygyny şöhlelendirýän sergi bilen tanyşdylar.

Duşuşyk özboluşly ýadygärlikleri we arheologlaryň täsirli açyşlary bilen tanalýan, şol bir wagtyň özünde henizem doly çözülmedik syrlary bolan Gündogaryň ajaýyp siwilizasiýasy – Margiana bagyşlanan mowzuklaýyn pikir alyşmalar bilen dowam etdi.

Gadymy Marguşuň paýtagty Goňurdepe hem-de dünýä jemgyýetçiligi üçin möhüm bolan ylmy açyşlar barada aýry-aýry çykyşlar diňlenildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi