Aşgabatda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi. 27-nji martda Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar dürli derejelerde yzygiderli we mazmunly gepleşikleri alyp barmagyň möhümdigini nygtadylar hem-de agzalan ugurda hereket edýän hyzmatdaşlyk mehanizmleriniň ýokary netijeliligini bellediler. Şunda Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň işiniň, şol sanda onuň her ýyl geçirilýän mejlisleriniň netijeliligi aýratyn nygtaldy.

Iş toparynyň mejlisinde maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, şeýle hem amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Ikitaraplaýyn ykdysady gün tertibiniň uly mümkinçiliklere eýedigi bellenilip, hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin şol mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagyň, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek, özara söwda dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigi nygtaldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi