Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebitleýin direktory hanym Florens Bauer, şeýle hem ÝUNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt direktory hanym Çinwe Ogbonna bilen duşuşygy boldy. 27-nji martda Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň ÝUNFPA bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi bellenildi.
Söhbetdeşlikde 2026 – 2030-njy ýyllar üçin ÝUNFPA-nyň Türkmenistan boýunça Ýurt maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, şeýle hem reproduktiw we enäniň saglygyny goramak, gender deňligini ilerletmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn jemgyýetçilik kadalaryny kemala getirmek ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berildi.
Taraplar 2021 – 2025-nji ýyllar üçin gender deňligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini belläp, 2026 – 2030-njy ýyllar üçin bu meýilnamanyň nobatdaky tapgyrynyň işlenip taýýarlanylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirip, täze Ýurt maksatnamasynyň çäklerinde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.