Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 27-nji martda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Hökümet mejlisiniň dowamynda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine seredildi.
Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyk getirmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler barada maglumat berdi. Häzirki wagtda degişli ministrliklerden we pudak edaralaryndan gelip gowşan teklipler esasynda, birnäçe kanun taslamalarynyň üstünde işlenilýär.
Hususan-da, halkara tejribeleri we Konstitusiýanyň düzgünlerini nazarda tutup, Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodekse hem-de Gümrük kodeksine üýtgetmeler girizmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de senagat howpsuzlygy, buhgalterçilik hasaba alnyşy, balyk tutmak, migrasiýa we beýleki ugurlara degişli kanunçylyk namalaryna goşmaçalar girizmek boýunça taýýarlyk işleri dowam edýär.
Mundan başga-da, parlamentarileriň halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bilen geçirilen iş duşuşyklaryna we okuw maslahatlaryna gatnaşandyklary bellenildi. Bu çäreler daşary ýurtlar hem-de halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyz täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň ähmiýetini nygtady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň hukuk binýadynyň häzirki zamanyň ösüş depginlerine laýyk gelmegini üpjün etmek üçin bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.