Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatima bilen duşuşdy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga, toplanan köpýyllyk tejribä üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.