Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 15-nji aprelde ministriň orunbasary Mähri Bäşimowa “BMG – Syýahatçylyk” guramasynyň Ýewropa boýunça sebit direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Kordula Wolmuter bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň özenini paýtagtymyzda dowam edýän “Turkmentravel – 2026” atly halkara maslahat we sergi düzdi. M.Bäşimowa halkara guramanyň wekilleriniň bu çärä gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp, özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdi.

Taraplar syýahatçylyk pudagyny kämilleşdirmek, degişli düzümleri ösdürmek we hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça öňde duran wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky 2026-2030-njy ýyllar üçin niýetlenen hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň amala aşyrylyşyna aýratyn üns berildi.

Gepleşikleriň barşynda 2027-nji ýylyň "Durnukly syýahatçylygyň halkara ýyly" diýlip yglan edilmegi we bu ugurda kabul edilen "Ýol kartasynyň" ähmiýeti nygtaldy. Türkmen tarapy bu başlangyçlary doly goldaýandygyny tassyklap, pudaga innowasiýalary we maýa goýumlary çekmek boýunça täze mümkinçilikleri öwrendi.

Duşuşykda amaly ädimlere hem seredildi. Hususan-da, şol gün talyplar we hünärmenler üçin guralan ýöriteleşdirilen okuw maslahaty barada pikir alşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň bu abraýly guramanyň saýlawly edaralarynda we geljekki sebit derejesindäki mejlislerinde has işjeň orun almagy meýilleşdirilýär.