Günbatar Londonyň Söwda-senagat edarasynyň çakylygy boýunça şu ýylyň 9-16-njy maýy aralygynda türkmen işewürleriniň Beýik Britaniýanyň London şäherine iş sapary meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde dokma, oba hojalygy, gurluşyk, bilim, syýahatçylyk ugurlarynda we maýa goýumlary çekmekde işewürler hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçiliklerini ýola goýmak göz öňünde tutulýar.
Iş saparynyň guramaçysy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy sapara gatnaşmaga isleg bildirýänlerden bu barada gysga wagtyň dowamynda edara habar bermeklerini haýyş edýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-88-49; 39-88-95;
39-89-42.