Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 24-nji aprelde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler, täze kanun taslamalary, ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlary we öňde duran baýramçylyk çäreleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Ilki bilen, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi. Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalyny döretmek we gozgalmaýan emläge bolan hukuklary döwlet belligine almak boýunça täze kanun taslamalarynyň üstünde işlenilýändigi bellenildi. Şeýle hem parlament diplomatiýasy arkaly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň işine gatnaşmak barada aýdyldy.

Ykdysady meseleleriň çäklerinde oba hojalyk önüm öndürijilerini, hususan-da, maldarçylyk we guşçulyk pudaklaryny maliýe taýdan goldamak boýunça teklipler makullandy. Şol bir wagtda nebitgaz senagatyny ösdürmek maksady bilen, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak we täze enjamlar bilen üpjün etmek boýunça anyk wezipeler kesgitlendi.

Oba hojalygynda dowam edýän gowaça ekişi, bugdaý meýdanlaryna ideg etmek we ýüpek gurçuklaryny idetmek işleriniň barşy barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz galla oragy möwsümine we Türkmen bedewiniň milli baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şeýle hem paýtagtymyz Aşgabady abadanlaşdyrmak we baýramçylyk günleri mynasybetli bezeg işlerini geçirmek meselelerine üns çekildi.

Dokma senagatynda ýerli çig maldan ýokary hilli ýüň ýüplügini öndürmek we Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki dokma toplumynda täze önümçilik bölümini işe girizmek baradaky teklip goldanyldy. Aragatnaşyk pudagy üçin bolsa Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen bilelikde ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

Maý aýynda geçiriljek dabaralaryň we açyljak binalaryň Tertibi tassyklanyldy. Meýilnama laýyklykda, Ýeňiş güni, Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni we Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dürli çäreler geçiriler. Beýik Watançylyk urşunyň 81 ýyllygy mynasybetli weteranlara we uruş ýyllarynyň zähmetkeşlerine ýadygärlik sowgatlaryny gowşurmak dabaralary bolar.

Daşary syýasat ugrunda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Hindistandaky we Malaýziýadaky ilçileriniň, degişlilikde, Maldiwler we Bruneý-Darussalam döwletlerine hem ilçi bellenilmegi makullandy.

Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlap, işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.