Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 24-nji aprelde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri barada maglumat berildi. Hususan-da, Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa täze taýýarlanylýan kanun taslamalary barada maglumat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan täze ýubileý medalyny döretmek, gozgalmaýan emlägi döwlet belligine almak we Gümrük kodeksine üýtgetmeler girizmek baradaky resminamalaryň üstünde işlenilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär.
Parlament diplomatiýasyny ösdürmek maksady bilen, türkmen wekilleri Stambulda geçirilen Parlamentara Birleşigiň 152-nji Assambleýasyna we beýleki halkara forumlara gatnaşdylar. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň birinji mejlisinde tejribe alyşmalaryň geçirilendigi bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz täze kanun taslamalarynyň taýýarlanylyşyna ýokary baha berip, milli kanunçylygy kämilleşdirmek işlerini yzygiderli dowam etdirmegiň zerurdygyny aýratyn nygtady.