27-29-njy aprel aralygynda Barselona şäherinde BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy tarapyndan döwlet-hususy hyzmatdaşlygy boýunça 10-njy halkara forum geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem işjeň gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýetiniň agzalary ýurdumyzda döwrebap bazar ykdysadyýetini ösdürmek we hususy pudagyň ornuny güýçlendirmek boýunça edilýän tagallalar baradaky maglumatlary foruma gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirerler. Şunda hususy maýa goýumlary çekmek üçin oňyn meýdança hökmünde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ähmiýeti aýratyn belleniler. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurt hökmünde Türkmenistan deňiz ýoly bolmadyk ýurtlar üçin döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, forumda 2024 – 2034-nji onýyllyk üçin deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ähmiýeti nygtalar.

Halkara foruma gatnaşyjylar ulag we logistika infrastrukturasy, häzirki zaman energetikasy, obasenagat toplumy, sanly ykdysadyýet, şäher infrastrukturasy we syýahatçylyk ýaly hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary bilen hem tanyşdyrylar.

"Türkmenistanyň bu foruma gatnaşmagy ýurduň halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, häzirki zaman döwlet-hususy hyzmatdaşlyk gurallaryny ornaşdyrmaga we durnukly ösüşi höweslendirmäge ygrarlydygyny tassyklaýar" diýlip, habarda aýdylýar.