ABŞ-nyň Döwlet departamentinde 2026-njy ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Pol Kapuryň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösüş depgini kanagatlanma bilen bellenilip, yzygiderli dialogy dowam etdirmek we hyzmatdaşlygy möhüm ugurlar boýunça giňeltmegiň zerurdygy nygtaldy.

Gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem-de sebitara baglanyşygyň giňeldilmegine aýratyn üns berildi. Taraplar konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşlerde gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.