Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow 6-njy maýda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň netijeleri jemlendi hem-de ýurduň howpsuzlygyny berkitmek boýunça ileri tutulýan wezipeler kesgitlendi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Goranmak ministri Begenç Gündogdyýew Ýaragly Güýçleri ösdürmek we harby gullukçylaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň esasynda goşun bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagy dowam etmegi tabşyrdy. Şeýle hem 9-njy maýda belleniljek Ýeňiş gününi ýokary derejede guramak boýunça görkezme berildi.

Baş prokuror Begmurat Muhamedow kanunçylygyň berjaý edilişi barada hasabat berdi. Prezidentimiz düzgün bozulmalaryň öňüni almagyň möhümdigini belläp, prokurorlary wezipä bellemek we boşatmak baradaky resminamalara gol çekdi. Içeri işler ministri Muhammet Hydyrow bolsa jemgyýetçilik tertibini saklamak, ýol hereketiniň howpsuzlygy we tomus paslynda ýangynlaryň öňüni almak boýunça görlen çäreler barada maglumat berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy Begenç Hojamgulyýew kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek, milli howpsuzlyk ministri Döwletgeldi Meredow bolsa döwlet asudalygyny goramak boýunça alnyp barlan işler barada durup geçdiler. Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ilaman Ilamanow serhetleriň goraglylygy, adalat ministri Merettagan Taganow kanunçylygy kämilleşdirmek, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýew bolsa gümrük nokatlaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak barada hasabat berdiler.

Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup galjakdygyny nygtady. Belent Serkerdebaşymyz ýygnananlara halkymyzyň asuda durmuşyny goramakda alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikler arzuw etdi.