2026-njy ýylyň 6–8-nji maýy aralygynda Germaniýanyň Leýpsig şäherinde Halkara ulag forumynyň (ITF) nobatdaky sammiti geçirilýär. Azerbaýjan Respublikasynyň başlyklyk etmeginde guralýan bu abraýly çärä Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. Bu ýylky maslahatyň esasy temasy «Durnukly ulagy maliýeleşdirmek» diýlip bellenildi we ol pudagyň durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilen üç ýyllyk maksatnamanyň möhüm tapgyryna öwrüldi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Sammitiň işine dünýäniň 69 döwletinden ulag ministrleri, iri önümçilik kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, tanalýan alymlar we halkara guramalaryň wekilleri ýygnandylar. Türkmen wekiliýetine «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary Süleýman Durdyýew ýolbaşçylyk edýär. Wekiliýetiň düzüminde Ministrler Kabinetiniň, Daşary işler ministrliginiň we Demir ýol ulaglary ministrliginiň jogapkär wekilleri bar.
Forumyň dowamynda dünýä jemgyýetçiligi üçin möhüm bolan maýa goýum meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Hususan-da, howanyň üýtgemegi, kiberhüjümler we geosyýasy ýagdaýlar ýaly häzirki zaman wehimlerine garşy ulag ulgamynyň durnuklylygyny saklamak üçin täze maliýe strategiýalaryny işläp düzmek barada pikir alşylýar. Gatnaşyjylar halkara üstaşyr geçelgeleriň durnuklylygyny ýokarlandyrmagyň anyk ýollaryny kesgitleýärler.
Türkmenistanyň bu foruma gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara ulag başlangyçlarynyň iş ýüzündäki dowamydyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga we täze logistik ugurlary açmaga uly üns berýär. Ýurdumyzyň alyp barýan syýasaty dünýä söwdasynyň talaplaryna laýyk gelýän ygtybarly üstaşyr ulgamy kemala getirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda Türkmenistan «ulag diplomatiýasyny» işjeň öňe sürýän döwletleriň biri hökmünde tanalýar. Pudagy sanlylaşdyrmak, innowasiýalary ornaşdyrmak we ekologiýa taýdan arassa ulaglary ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Ýewraziýa giňişliginiň möhüm merkezine öwrülýän Türkmenistan özüniň üstaşyr mümkinçilikleri arkaly sebitde we dünýäde ykdysady hyzmatdaşlygyň berkemegine uly goşant goşýar.