Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 11-nji maýda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew we welaýatlaryň häkimleri gatnaşyp, ýurdumyzyň oba hojalygyndaky möwsümleýin işler hem-de sebitleri ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Welaýatlaryň häkimleri bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň tamamlaýjy tapgyry we galla oragyna görülýän taýýarlyklar barada hasabat berdiler. Şeýle hem gowaça ekilen ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleriniň barşy, ýazlyk gök-bakja ekinlerine edilýän ideg işleri barada habar berildi. Maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy we köşek almak möwsüminiň guralyşy, pile taýýarlamak işleriniň ýagdaýy bellenilip geçildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, oba hojalyk ekinlerine ideg edilende agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmelidigini nygtady. Galla oragy möwsümine kombaýnlary we kabul ediş nokatlaryny doly taýýar etmek, tehnikalary netijeli ulanmak barada häkimlere anyk tabşyryklar berildi. Şunuň bilen birlikde, sebitlerde gurluşygy dowam edýän durmuş we önümçilik desgalarynyň hilini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Wise-premýer Taňryguly Atahallyýew öz çykyşynda ahalteke bedewlerimiziň Özbegistanda geçirilen halkara bäsleşiklerde gazanan ýeňşi bilen hormatly Prezidentimizi gutlady. Soňra ol ýurt derejesinde oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň umumy ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň ahyrynda azyk bolçulygyny üpjün etmekde oba hojalyk işleriniň ähmiýetini ýene-de bir gezek belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýüpek gurçugyna ideg etmek we maldarçylykda owlak-guzy almak möwsümlerini üstünlikli tamamlamak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.