Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak boýunça Departamentiň direktory Maýka Oşikawanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Bellenilişi ýaly, 19-njy maýda geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen özara hyzmatdaşlygynyň häzirki meseleleri, aýratyn-da, ýurduň BSG-ä goşulmagy bilen bagly geljekki ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler sebitleýin we halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, milli kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi, şeýle hem halkara guramalar we degişli edaralar bilen özara gatnaşyklar boýunça pikir alyşdylar. Şunda Türkmenistanyň BSG bilen hyzmatdaşlygynyň yzygiderli häsiýete eýedigi nygtaldy.

"Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak boýunça Departamentiň direktorynyň Aşgabada iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň BSG-ä agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet wekilleri bilen duşuşygyň geçirilmegi meýilleşdirilýär" diýlip, habarda aýdylýar.