Ýurdumyzda her ýyl dabaraly bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli paýtagtymyzda haly we haly önümleriniň gözden geçiriliş sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu halkara çärelere gatnaşyjylara we ýurdumyzyň ähli halyçylyk pudagynyň zähmetkeşlerine Gutlag ýollady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz öz ýüzlenmesinde ene-mamalarymyzyň we çeper elli gelin-gyzlarymyzyň ýiti zehininden dörän milli halyçylyk sungatynyň umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynda mynasyp orun alandygyny aýratyn belledi. Hut şu sebäpli hem türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu gadymy senedi ebedileşdirmek ugrunda amala aşyrylan uly işleriň halkara ykrarnamasyna öwrüldi. Gözelligi we nepisligi bilen dünýäni haýran galdyrýan türkmen halysy diňe bir öýlerimiziň bezegi bolman, eýsem halkymyzyň köpasyrlyk ruhy gymmatlyklarynyň, asylly däp-dessurlarynyň we Watanymyza bolan egsilmez söýgüsiniň göllerdir nagyşlara siňdirilen aýdyň beýanydyr. Haly gölleriniň döwlet nyşanlarymyzda ýerleşdirilmegi bolsa nesilleriň pederleriň wesýetine wepalylygyna şaýatlyk edýär.

Täze taryhy döwürde ýurdumyzda dünýä meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge, onuň gadymy nusgalaryny aýawly saklamaga hem-de kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Döwletimiz tarapyndan täze, döwrebap çeper halyçylyk kärhanalary yzygiderli işe girizilip, halyçylaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli amatly şertler döredilýär, ussat zenanlara hormatly atlar dakylyp, gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynyň ahyrynda hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we halyçylyk sungatyny dünýä ýaýmak ugrundaky işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.