Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowa Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Gutlag ýollady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Milli Liderimiz Gutlagynda döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür we halkymyzyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamak ugrundaky işlerinde täze rowaçlyklar arzuw etdi. Gutlagda türkmen zenanlarynyň irginsiz yhlasyndan dörän, özboluşly gözelligi bilen dünýäni haýran galdyrýan türkmen halysynyň tutuş adamzadyň medeni hazynasyna goşulan ägirt uly goşantdygy bellenilýär.

Ýurdumyzda milli mirasyň baý däplerini we kämil tehnologiýalary utgaşdyrmak arkaly halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümleri döwrebaplaşdyrylýar. Täze çeperçilik haly kärhanalary işe girizilip, halyçylaryň netijeli zähmet çekmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Pudakda tapawutlanan ussatlara döwlet sylaglarynyň berilmegi, hormatly atlaryň dakylmagy bolsa döwletimiziň bu senede bolan uly sarpasyny görkezýär. Şeýle hem täze gurulýan Arkadag şäherinde çeper halyçylyk kärhanasynyň hem-de Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýiniň gurulmagy baradaky çözgüt taryhy ähmiýete eýedir.

Gahryman Arkadagymyz türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň bu gymmatlygyň dünýä derejesinde ykrar edilmegidigini aýratyn nygtady. Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli guralýan halkara sergi, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisi we aýdym-sazly dabaralar ýurdumyzyň bu ugurda gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmaga ýene-de bir gezek giň mümkinçilik döredýär.