Aşgabat şäherindäki «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan festiwal geçirildi. Çäre Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan guraldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Çäräniň açylyşynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Ol ýygnananlary Ýewropa güni bilen gutlap, bu senäniň ähmiýeti barada gürrüň berdi we Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygynyň möhümdigini nygtady.
Baýramçylygyň esasy bölegi sergi meýdançasy boldy. Bu ýerde myhmanlar Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda amala aşyrýan taslamalary we maksatnamalary bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem myhmanlar dürli bäsleşiklere hem-de interaktiw oýunlara gatnaşdylar.