Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryň häkimleri welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almaga guramaçylykly girişmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär.

Ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleriniň möçberini artdyrmak hem-de azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlaryň ýazlyk ýeralma ekilen meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar.

Mundan başga-da, häkimler welaýatlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk we sport çärelerine taýýarlyk görlüşi, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow zähmetsöýer pileçilerimiziň Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyrandyklaryny we şu ýylky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini kanagatlanma bilen belledi hem-de ýurdumyzyň ussat pileçilerini, mähriban halkymyzy bu zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlady.