Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak we onuň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça täze çäreler durmuşa geçirilýär. Bu mesele 20-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Onuň bellemegine görä, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, Döwlet daşary ykdysady iş bankynda halkara ülňülerine laýyk gelýän elektron hyzmatlary we häzirki zaman programma üpjünçiliklerini ornaşdyrmak boýunça degişli işler dowam edýär.
Bu taslamalaryň amala aşyrylmagy bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, müşderiler üçin täze mümkinçilikleri döretmäge hem-de maliýe edaralarynyň işiniň netijeliligini artdyrmaga ýardam eder. Şeýle hem bu işler bank ulgamynyň tehniki üpjünçiligini has-da kämilleşdirmäge şert döreder.
Hasabatyň dowamynda wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna birnäçe degişli teklipleri hödürledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow bank pudagynda sanly özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini belläp, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek boýunça taýýarlanan teklibi makullady. Döwlet Baştutany degişli işleri ýokary derejede guramak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.