Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22-nji iýunda Balkan welaýatynda şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň gatnaşyjylaryny dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

“Medeniýet milletimiziň mertebesidir, bahasyna ýetip bolmajak ruhy baýlygydyr. Şoňa görä-de, biz medeniýeti we sungaty ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledik. Ýurdumyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmakda medeniýet ulgamyna uly orun degişlidir.

Täze taryhy döwürde aýdym-saz, şekillendiriş we amaly-haşam, teatr, kino sungatyny ösdürmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, muzeýleriň, kitaphanalaryň, medeniýet öýleriniň, medeni aň-bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, olara sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Medeniýet we sungat işgärleriniň joşgunly çykyşlary milli senenamamyzda orun alan baýramlara, şanly senelere, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna özboluşly bezeg berýär. Teatrlarda görkezilýän sahna oýunlary, kinoteatrlardaky çeper filmleriň görkezilişleri, medeniýet öýlerinde geçirilýän döredijilik duşuşyklary bagtyýar halkymyza döwrebap medeni hyzmatyň guralýandygyny aýdyň görkezýär”, - diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz bu sungat baýramçylygyna gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.