Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri bilen bir hatarda, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijelerine seredildi. Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa parlamentiň bu ugrundaky häzirki işjeňligi barada maglumat berendigi barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Berlen maglumata görä, ýurdumyzyň halkara resminamalaryna goşulmagyny hukuk taýdan goldamak maksady bilen, Baş Kanunymyzyň düzgünlerine hem-de halkara hukugynyň kadalaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalary işlenip taýýarlanylýar. Şeýle hem adam hukuklarynyň, döwletiň we jemgyýetiň kanuny bähbitleriniň goralmagyny pugtalandurmak üçin Türkmenistanyň birnäçe kodekslerine, şol sanda Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş, Jenaýat-ýerine ýetiriş, Arbitraž iş ýörediş hem-de Raýat iş ýörediş kodekslerine döwrebap üýtgetmeler girizilýär.
Mundan başga-da, Mejlisiň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda ädilýän ädimler barada aýdyldy. Hususan-da, Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň ynanç hatynyň kabul edilendigi bellenildi. Parlamentiň deputatlary bolsa BMG-niň düzüm birlikleriniň we ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň bilelikde guran okuw maslahatlaryna hem-de duşuşyklaryna gatnaşyp, öz tejribelerini artdyrdylar.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň hukuk ulgamyny we kanunçylygyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işleriň uly ähmiýete eýedigini nygtady hem-de bu ugurdaky çäreleri yzygiderli dowam etmegiň zerurdygyny belledi.