Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 19-njy mejlisi geçirildi. Oňa toparyň türkmen tarapyndan agzalary, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýewiň ýolbaşçylygynda wekiliýet topary gatnaşdy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.
Mejlisiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy boýunça pikir alşyldy, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine, köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryna garaldy.
Taraplar mejlisiň dowamynda iki ýurduň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini, hususan-da, energetika, ulag, logistika, oba hojalygy, derman senagaty we syýahatçylyk pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň durnukly ösýändigine üns çekildi. Taraplar munuň üçin täze netijeli gurallary yzygiderli işläp taýýarlaýarlar. Sebitleriň forumy, türkmen-özbek işewürler geňeşi, söwda-senagat sergileri ýaly çäreler iki ýurduň hususy pudagynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.
Geçen ýylyň noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goňşy ýurda amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda dabaraly açylyp ulanmaga berlen Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezi söwda gatnaşyklarynyň ösüşinde täze sahypany açdy. Mejlise gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, söwda-ykdysady we işewürlik gatnaşyklary üçin döredilýän amatly mümkinçilikler sebitara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplar özara söwda dolanyşygyny mundan beýläk-de artdyrmak üçin hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmäge taýýardygyny tassykladylar.
Ulag ulgamy Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm merkezinde ýerleşýän ýurtlarymyzyň ykdysadyýetlerini baglanyşdyrýan wajyp pudak bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýük daşamalaryň möçberiniň artdyrylýandygy, gümrük-logistika amallarynyň ýeňilleşdirilýändigi nygtaldy.
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 19-njy mejlisiniň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.