Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 22-nji iýunda Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäginde Prezident Ilham Aliýew bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda dowam eden gepleşikleriň çäginde Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklap, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermäge mümkinçilikleriniň bardygyny, häzirki wagtda Hazar deňziniň kenarynda kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz şeýle-de ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň durnukly ösüş depginini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň bu ugurdaky uly mümkinçiliklerine ünsi çekip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz üstaşyr ulag ulgamyndaky gatnaşyklar biziň hyzmatdaşlygymyzyň strategik ugry bolup durýandygyny belledi. Türkmenistan halkara ulag geçelgelerini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň nebitgaz, himiýa we dokma senagatlarynda, beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklap, ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň hem aýratyn ähmiýetini belledi. Türkmenistanda we Azerbaýjan Respublikasynda özara Medeniýet günleriniň, sergileriň, festiwallaryň, beýleki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegi ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam edýär.

Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz şu gezekki saparyň Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.