2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.

Gahryman Arkadagymyz we Prezident Ilham Aliýew birek-biregi mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, azerbaýjan Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda Azerbaýjana amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýetini belledi. Prezident Ilham Aliýew bu saparyň däp bolan dostlukly azerbaýjan-türkmen gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm tapgyr bolandygyny aýdyp, geçirilen gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň goňşy ýurtlar bolmak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary däp bolan birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alyp barýandyklaryny belledi. Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen halkyna sowgat berlen täze “Dostluk” gämisi üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de onuň diňe bir Türkmenistan bilen Azerbaýjana däl-de, eýsem, Hazar sebitiniň beýleki ýurtlaryna hem oňyn täsirini ýetirjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda medeniýet, ylym-bilim, sport ýaly ugurlardaky däp bolan gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi. Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň Baku we Genje şäherlerinde, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň bolsa Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde ýokary derejede geçirilmegi iki halkyň oguzlardan gözbaş alyp gaýdýan taryhynyň umumydygyny görkezýär.

Gahryman Arkadagymyz Geýdar Aliýew adyndaky gazna bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bilelikde guramagynda şu ýylyň 19-njy oktýabry — 30-njy noýabry aralygynda ýurdumyzda “Ene — tebigat” atly halkara serginiň geçiriljekdigini we muňa häzirden taýýarlyk görülýändigini aýdyp, bu çäräniň iki gaznanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini belledi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada-da pikir alşyldy.

Milli Liderimiz Azerbaýjanyň doganlyk halkyna rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi. Öz gezeginde, Prezident Ilham Aliýew hem Türkmenistanyň doganlyk halkyna abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.