2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Palestina Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijleh bilen duşuşdy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.

Diplomat gaznanyň alyp barýan işiniň, ýurdumyzyň durmuşa geçirýän ynsanperwer başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi hem-de Palestinanyň halkyna gaznanyň serişdeleriniň hasabyna iberilen ynsanperwerlik kömegi üçin döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Liderine ýurduň ýolbaşçylarynyň adyndan hoşallygyny beýan etdi.

Atabaýewa gaznanyň halkara derejedäki ynsanperwer işlere hem aýratyn üns berýändigini aýdyp, bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady.

Şol gün Oguljahan Atabaýewa Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin bilen hem duşuşyk geçirdi.

Çagalaryň saglygyny goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň hytaýly hyzmatdaşlaryň netijeli tekliplerine seretmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Mundan başga-da, Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýanyň bilen duşuşyk geçirdi.

Gaznanyň wise-prezidenti BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilhanasynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamynyň möhüm ugurlaryny öz içine alýan onlarça bilelikdäki taslamany üstünlikli durmuşa geçirendigini belledi. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge ýardam berýär. “Biziň haýyr-sahawat gaznamyz üçin hyzmatdaşlyk strategiýasynyň çäginde jemgyýetiň abadançylygyny ýokarlandyrmak, saglygy goraýyş hem-de durmuş goraglylygy ulgamlaryny pugtalandyrmak ýaly ugurlar aýratyn orna eýedir” diýip, Atabaýewa belledi.

Narine Saakýan gaznanyň alyp barýan işlerine, çagalaryň abadançylygynyň bähbidine öňe sürýän başlangyçlaryna ýokary baha berip, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlyga mundan beýläk-de taýýardygyny tassyklady.