Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 18-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow ýurdumyzyň döwlet ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanylan täze Düzgünleriň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Milli ätiýaçlandyryş ulgamyny has-da ösdürmek we hökmany döwlet ätiýaçlandyryşyny döwrüň talaplaryna laýyk düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde degişli Düzgünleriň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu resminama 2025-nji ýylyň noýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ätiýaçlandyryş ulgamyny ösdürmekde, bu ugurdaky kadalaşdyryjy hukuk namalaryny yzygiderli kämilleşdirmekde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýedigini belledi we hökmany döwlet ätiýaçlandyryş ulgamynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny has-da berkitmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.