Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Hokins bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegini, şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyny öz içine alýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Duşuşygyň jemleri boýunça söhbetdeşler türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna özara gyzyklanma bildirdiler.