28-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Odil Reno-Basso bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar uzak möhletleýin maliýe-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Döwlet Baştutany we Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy energetika, ulag, «ýaşyl» ykdysadyýet, sanlylaşdyrmak we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seretdiler. Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, telekeçiligi goldamak hem-de Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar halkara ulag geçelgelerini ösdürmek üçin maýa goýumlaryny çekmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Şol gün Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikler geçirdi, olaryň netijesinde ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.